Abadan durmuşyň kepili

17 Mart 2022
1076

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, suwy tygşytly ulanmak, zeý we akaba suwlaryny gaýtadan işlemek, çölleşmäniň öňüni almak, bag nahallaryny ekmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ekologiýa syýasatynyň iň ileri tutulýan meseleleriniň biridir.

Daşky gurşaw, adyndan belli bolşy ýaly, biziň daş-töweregimizi gurşap alýan tebigatdyr. Has takygy, «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, tebigy obýektler diýlip — Ýer ýüzünde ýaşaýşyň dowam etmegi üçin jemi birlikde amatly şertleri üpjün edýän ýer, topraklar, ýerasty baýlyklar, suwlar, tokaýlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, ekologik ulgamlar, atmosfera howasy, klimat we ýeriň ozon gatlagyna düşünilýär. Aslyýetinde, tebigat diýlende, Ýer ýüzüniň gür tokaýlygy göz öňüňde janlanýar. Tebigatyň aýrylmaz bir bölegini emele getirýändigi üçin tokaýlaryň, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň, öri meýdanlaryň, seýilgähleriň, otluk bilen örtülen meýdanlaryň howanyň arassalanmagyna, ýaşaýşyň ekoulgamynyň dowam etmegine ýardam edýändigi ylmy taýdan subut edildi.

Sähragül AŞYROWA,
Balkan welaýat prokuraturasynyň kazyýet kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi.