Köpetdag gözellige baý

16 Mart 2022
1203

Türkmenistanyň bereketli topragy, tenekar suwy, tämiz howasy, babadaýhanlaryň zähmetsöýerligi ata Watanymyzy gür baglyga öwürmäge doly mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada geçirilýän işler bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär.

Ýurdumyzda ýöredilýän ekologiýa syýasaty tebigatyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli çärelere, ylmy taýdan öwrenilen, häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýar. Bu ugurda ýurdumyzda aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamlaryny ösdürmegi göz öňünde tutýan «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem uly ähmiýete eýedir. Ol ýurdumyzda daşky gurşawy we ekologik dürlüligi gorap saklamagyň baş ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň hukuk binýadyny emele getirýär.

Çemen MYRADOWA,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.