Eşretli ýaşaýşyň gözbaşy

16 Mart 2022
1057

Ýurdumyzda ilatymyzy ekologiýa taýdan arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, suwy tygşytly peýdalanmak, ony oba hojalygynda netijeli ulanmak, täze suw desgalaryny gurup, ulanmaga bermek boýunça köp işler ýerine ýetirilýär. Suw serişdelerini goramak we ondan ýerlikli peýdalanmak baradaky mesele ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Biziň ýurdumyz suw serişdelerini peýdalanmak we olary gorap saklamak babatda halkara gatnaşyklaryna işjeň goşulyp, bu ugurda halkara ylmy hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeldýär. Bu ulgama maliýe serişdelerini gönükdirmek, şol sanda suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragy bagy-bossanlyga öwürmek we şorlaşmaga garşy göreş alyp barmak hem-de daşky gurşawy goramak boýunça taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýokary baha mynasyp bolýar.

Kakamyrat BABANAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.