Türkmenistan — bagy-bossan

16 Mart 2022
1243

BAGLAR — ZEMINIŇ AJAÝYP GÖRKI

Ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda tebigaty goramaga, baýlaşdyrmaga, daşky gurşawyň, ekologiýanyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, mähriban Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bu babatdaky köp sanly derwaýys çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Her ýyl Milli bahar baýramynyň öň ýanynda bag ekmek dabaralarynyň guralmagynyň ajaýyp däbe öwrülmegi munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Arkadagymyzyň häzirki dowam edýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda bu ählihalk çäresini 20-nji martda geçirmek baradaky Karary kabul etmegi hem uly ähmiýete eýedir.

Ýörite habarçymyz.