Näme üçin ýagyş ýagýar?

15 Mart 2022
1041

Bulutlar ownuk suw damjajyklaryndan emele gelýär. Şol damjajyklar bolsa buludyň içinde howada durup bilmejek ýagdaýa gelenlerinde agyrlaşyp, aşak düşüp başlaýarlar, ýagny ýagyş bolup ýagýarlar.

Deňizlerdäki, derýalardaky we köllerdäki suwlar howa gyzanda dowamly bugarýarlar. Suwuň bug bölejikleri ýokary galmaga başlaýarlar, sowuk howa bilen garyşýarlar. Bu bolsa dürli göwrümdäki bulutlary emele getirýär. Damjajyklar belli bir derejede agyrlaşýança bulutlaryň aşagynda birikýärler we soňra ýagyş bolup, ýere ýagmaga başlaýarlar.