Garagumuň baýlygy

14 Mart 2022
1136

Garagum sährasynyň tokaýlyklary köpdürlüligi we ýaşy boýunça biri-birinden tapawutlanyp, bir gektara agaçlaryň we gyrymsy ösümlikleriň ortaça 300 — 600 düýbi düşýär. Bu tokaýlyklaryň esasy ösümligi bolsa sazakdyr. Pürli agaç bolan sazak görnüşi boýunça ak we gara sazaklara bölünýär. Ak sazagyň şahalary açyk we kiçi, gara sazagyňky bolsa ýogyn we uly bolýar. Sazagyň, esasan-da, ak sazagyň tokaýlyklary sähranyň çägeli ýerlerinde köp duş gelýär. Onuň boýy 2 — 3 metrden 5 metre çenli, köküniň uzynlygy bolsa 9 metre çenli ýetýär. Sazagyň düýbüni çäge basanda goşmaça kök ulgamynyň döremegi, gapdallygyna 7,5 metre çenli uzamagy onuň berdaşly bolmagynda, şeýle hem çägeleri berkitmekde, ýeliň ugruna göçmekden goramakda aýratyn ähmiýeti bardyr. Sazagyň, esasan-da, gara sazagyň ýerasty suwlara ýetýän güýçli kök ulgamynyň barlygy üçin ol suwsuzlykdan ejir çekmeýär. Gara sazak Garagum sährasynda, esasan, ýerasty suwlaryň ýakyn ýerleşen ýerlerinde, düzlüklerde ösýär.

Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsiniň esasy agajy bolan sazagyň gadymyýetden bäri halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bardyr.

Ibraýimguly ILAMANOW,
«Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.