Dillerim açylar mart geler welin...

13 Mart 2022
1035

«7/24.tm», № 11 (94), 14.03.2022.

Her paslyň özüne mahsus aýratynlygy bar. Gyş öz gary bilen, tomus jöwzasy bilen tapawutlanýar. Ýaz hem tebigaty ýaşyl begrese büräp, ene topraga güldür gülälekleri eçilýär. Ine-de, ýaz. Bu pasyl al-elwan açylan gülleri bilen tebigatyň görküne görk goşýar. Anbar ysly güller bilen bezelen ýaýlary diýsene! Pasyllaryň soltany hasaplanylýan bahar türkmen topragyna bereket getirýär. «Bahar» diýilse, kümüş saçly enelerimiz, mähriban gelin-gyzlarymyz, güläleklere beslenen meýdan göz öňüňe gelýär. Bahar diýilse ýaşlyk, juwanlyk aňymyzda janlanýar. Çünki bu pasyl «ömrümiň bahary» diýlip, ynsanyň juwanlyk döwrüne, durmuşyň iň ajaýyp pursatlaryna deňelýär. Göýä arzuw-hyýallaram şu pasylda wysal bolaýjak ýaly her bir adamda ynam döreýär. Geljege umyt, ýüregiňde beýik maksatlar hyruç alýar.