Damjasy zere deňelýär

11 Mart 2022
1177

Tutuş janly tebigatyň — adamzadyň, haýwanlaryň, ösümlikleriň ýaşamagy üçin üç zat ilkinji zerurlykdyr. Olar — howa, suw, toprak.

Ýaşaýşyň ilkinji zerurlygy bolan şu üç zadyň arassalygyny gorap saklamak XX asyrda adamzadyň öňündäki derwaýys mesele hökmünde dünýäniň ähli ýurtlaryna ýaýrap gitdi. Ýurdumyzda çalt depginler bilen ösýän oba hojalyk pudagy suwa bolan talabyň güýjemegine getirýär. Süýji suw diňe hojalyk üçin däl, biziň senagatymyz üçin hem zerurlykdyr. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň çägindäki suw gorlaryny aýawly saklamak, tygşytly ulanmak şu günki günde ähmiýetli meseleleriň biridir.

Döwletmyrat JUMAMYRADOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.