Ekologiýa abadançylygy — bagtyýar durmuşyň kepili

9 Fewral 2022
1048

Häzirki wagtda bütin dünýäde düýpli meseleleriň biri bolup durýan ekologiýa abadançylygy we daşky gurşawy gorap saklamak adamzadyň esasy wezipesidir. Tebigatyň gözelligi, ýaşyl we gyrymsy agaçlaryň köpdürlüligi dem alýan howamyzy arassalamaga ýardam etmek bilen bir hatarda, ynsan ömrüniň uzamagyna hem itergi berýär. Türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri şeýle nukdaýnazarlara eýerip ýaşaýandygy dünýä jemgyýetçiligine mälimdir. Bular barada hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen giň okyjylar köpçüligine ýetirilen «Paýhas çeşmesi» kitapda: «Bag–— ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Bagym bar, barym bar», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Edenli adam topragy altyna öwrer» ýaly dürdäne jümleler bar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda häzirki zaman ekologiýa ylmynyň, tebigaty goramagyň we onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmagyň, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň esaslary baradaky döwrebap bilimleri bermek we öwretmek bilen bir hatarda, bu ugurdan hünärmenleri taýýarlamaga hem uly ähmiýet berilýär. Ekologiýa ylmynyň möhüm ugurlary bolan adamyň hojalyk işjeňliginiň biosfera täsiri, oba hojalyk, şäher ekoulgamlary, daşky gurşawyň ýagdaýyna ekologik gözegçilik etmek we döwlet ekologik seljermesi, daşky gurşawyň ekologik abadançylygy, adamyň saglygy, adamzadyň häzirki zaman ekologik meseleleri, Türkmenistanyň ekologik kanunçylygy, tebigaty goramak babatynda halkara hyzmatdaşlygy barada ýaş nesillere döwrebap bilimler berilýär. Bu bolsa halkymyzyň aňynda ekologiýa we daşky gurşawa bolan söýgini, hormaty, sarpany has-da ýokarlandyrýar.

Ýolly NEPESOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň tebigat gözegçisi.