Serwi agajy

9 Fewral 2022
1413

Baglar, diňe gözellik bolman, eýsem, olar tebigatymyzyň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün edip, adamlaryň, janly-jandarlaryň sagdyn bolmagyna hem öz oňyn täsirini ýetirýär. Ekin meýdanlarynyň gyralaryna ekilende, tomsuna epgek ýellerden gorasa, gyşyna aňzak şemaldan goraýar.

Gadym zamanlardan bäri belli agaçlaryň biri-de serwi agajydyr. Onuň boýy uzyn, piramida şekilli bolup, hemişe gök öwüsýän, örän owadan pürli agaçdyr. Halk döredijiliginde serwi agajynyň owadanlygy, berkligi, uzynlygy çeper deňeşdirme hökmünde-de köp gabat gelýär. “Serwi boýly, serwi kamatly” diýen deňeşdirmeler bilen gelin-gyzlarymyzy taryplamak çeper edebiýata mahsusdyr.