Oňyn başlangyçlar giň goldaw tapýar

9 Fewral 2022
1003

Häzirki döwürde ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde ekologiýa meselesi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzda sebitleýin we global ekologiki meseleleri çözmek boýunça BMG-niň biologik köpdürlüligi gorap saklamak we artdyrmak babatda birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça (Tähran konwensiýasy) Çarçuwaly şertnamasynyň we Orta Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça Çarçuwaly şertnamanyň hem agzasydyr. Ýurdumyzda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, Ählumumy Ekologiýa gaznasy we Ýewropa bileleşiginiň döwletleri ýaly beýleki halkara düzümler bilen bilelikde milli hem-de sebitleýin derejelerde ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasy hereket edýär.

Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly şertnama esasynda (2021—2025-nji ýyllar üçin maksatnamasy) Ýewropa döwletleri bilen bilelikde köp işler alnyp barylýar. Türkmenistanda howanyň üýtgemegi babatynda ilkinji Ýaşlar maslahaty geçirildi. Onda ýaşlar howanyň üýtgemegi baradaky meseleleriň derwaýyslygy barada öz pikirlerini beýan etdiler.

Suraý ANNAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.