Baglar — Zeminiň görki

3 Fewral 2022
1486

Baglar — ýaşaýşymyzyň bezegi, saglygymyzyň goragçysy. Bu barlyga görkanalyk paýlamakda leýlisaçlaryň hem orny uludyr. Bu owadan agajy şahyrlar şygyrlarynda wasp etse, G.H.Andersen «Leýlisaçyň astynda» diýip, tutuş bir ertekisine at beripdir. Bu täsin agaç şekillendirilen iň meşhur surat eserleriniň biri K.Moneniň «Leýlisaçydyr».

Leýlisaç söwütler, tallar maşgalasyna degişlidir. Olar baradaky iň irki ýazgylar biziň eýýamymyzyň I asyryna gabat gelýär. Meşhur alym Pliniý ilkinji bolup, öz işlerinde söwütleriň sekiz görnüşini suratlandyrypdyr. Söwütler, leýlisaçlar saglygy goramakda-da giňden ulanylýar. Gadymy Müsürdir Gresiýada ysytmany, sowuklamany söwüt ýapraklarydyr gabygy bilen bejeripdirler. Alymlar onuň dürli böleklerinde peýdaly maddalaryň — taniniň, salidrozidiň, salisiniň, flawonidleriň bardygyny anykladylar. Aspirin taýýarlanylýan salisin turşusyny hem ilkinji gezek hut şu agajyň düzüminden tapdylar.

Hudaýberdi IŞANÝAZOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň başlygy.