Köýtendagdan geçen kerwen ýollary

2 Fewral 2022
1083

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzyň möhüm bölegi bolan gadymy ýadygärlikleri öwrenmäge giň ýol açyldy. Geçmişde halklary biri-birine ýakynlaşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny ylmy taýdan öwrenmek, ony täzeden dikeltmek boýunça hem köp işler edildi.

Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary esasynda geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç taryhy-medeni ýadygärliklerimiz ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Ýurdumyzyň çägindäki gadymy galalaryň, kerwensaraýlaryň, täsin binagärlik toplumlarynyň, kümmetleriň ýene birnäçesini bu abraýly halkara guramasynyň sanawyna girizmek baradaky teklipler hödürlenildi.

Oral TEMIROW,
Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, mirasgär.