Bähbitli tagallalaryň ak ýoly

17 Dekabr 2021
1092

Hormatly Prezidentimiz gözel tebigatymyzy goramaga, ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmaga, häzirki wagtda günsaýyn gözelleşýän gözel tebigatymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini saklamaga gönükdirilen wezipelere uly üns berýär. Şeýle hem ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek bilen bagly meseleleriň çözgüdine-de uly ähmiýet berilýär.

Adamzat gadymy döwürlerden bäri tebigaty hemmetaraplaýyn gorap saklamak we onuň tebigy baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak barada dürli çäreleri amala aşyryp gelipdir. Adamzat jemgyýeti tebigat bilen özara gatnaşygynyň häsiýetini üýtgetmek bilen bütin taryhyň dowamynda daşky gurşawa täsir etmekde öz ukybyny ösdüripdir we kämilleşdiripdir.