Durnalar — älemiň perwanalary

15 Dekabr 2021
1334

Häzirki wagtda durnalaryň 14 görnüşi mälim bolup, olar Ýer ýüzüniň köp böleginde duş gelýärler.

Durnalar gözelligiň, päkligiň, erkinligiň nyşany hökmünde halkymyzyň durmuşyna berk ornaşandyr. Bu guşlar bilen baglanyşykly hadysalara halk döredijiliginiň dürli görnüşlerinde — aýdymlarda, nakyllarda, matallarda, hüwdülerde we goşgularda köp duş gelinýär. Halkymyz düzümi boýunça iň arassa suwy durnanyň gözüne deňeýär ýa-da «Gaz geçse gapyňy ýap, durna geçse duluňy aç!» diýmek bilen, guşlaryň ýaşaýyş aýratynlyklaryny, olaryň göçüp-gonuşyny pasyl çalşygynyň ygtybarly duýduryşy hökmünde ulanýar. «Janym, gözüm karkara, saçy gunduzdan gara...» diýen hüwdi setirlerinde ene öz perzendiniň görküni owadan durna (karkara) bilen deňese, «Durnanyň» diýen türkmen halk aýdymyndaky «...Gyş gelse Bagdatdyr ýurdy durnanyň» ýaly setirler biziň ata-babalarymyzyň durnalaryň ýaşaýyş aýratynlygyny, olaryň haýsy ýurtlarda gyşlaýandyklaryny oňat bilendiklerine şaýatlyk edýär.

Nurulla TÄÇNAZAROW.