Muny bilmek gyzykly

15 Dekabr 2021
1460

Pişikleriň bokurdaklarynda özboluşly ses çykarýan perdeleri bar. Olar arkaýyn dem alyp, gözlerini süzüp, täsin myrryldyly seslenýärler. Pişikler näme üçin myrryldaýarlar? Olar öz eýeleriniň idedişinden razy bolanlarynda şeýle ses çykarýarlar. Pişikleriň birnäçesi örän güýçli myrryldaýar. Şeýle ýagdaý olaryň keýpine bagly bolýar.

Mylaýym hem kadaly myrryldy pişigiň sagdynlygyny aňladýar.

Sonagül ALYMOWA,
Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.