Tebigy melhemleriň gymmaty

15 Dekabr 2021
1387

Türkmen topragy dermanlyk ösümliklere örän baýdyr. Ata-babalarymyz irki döwürlerde dürli keselleri bejerenlerinde olary giňden ulanypdyrlar. Dermanlyk ösümlikler häzirki zaman lukmançylygynda-da giňden peýdalanylýar. Ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleriň goruny goramakda, köpeltmekde, olary derman senagatynda çig mal hökmünde ulanmakda uly işler alnyp barylýar. Şunda milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby uly ähmiýete eýedir. Bu ylmy eser şeýle ösümlikleriň häsiýetli aýratynlyklaryny, köpeliş we ösüş döwrüni, melhemlik täsirlerini, olaryň kesel bejerijiligini öwrenýän alymlaryň möhüm gollanmasyna öwrüldi.

Adaty sarymsak, adaty sosna, adaty çopantelpek, medeni şibit ýaly dermanlyk ösümlikleriň ýüzlerçesi bu gün halkymyzyň arasynda giňden ulanylýar.

Ýazgül ILBAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti.