Gözel tebigata buýsanç

14 Dekabr 2021
1229

Eziz Diýarymyzda üstünlikli alnyp barylýan ekologiýa syýasaty netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döredilen tokaýlyklar, baglar kalbymyzda buýsanç döredýär. Gahryman Arkadagymyz tebigatyň eçilen şeýle ajaýyp peşgeşini, mümkinçiliklerini rejeli peýdalanmak bilen bilelikde, olaryň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny belleýär. Bu babatda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär, «Türkmenistanyň suw kodeksi»,«Türkmenistanyň Milli tokaý Maksatnamasy», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Eziz Diýarymyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen möhüm konwensiýalary, maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Bibijemal KAKABAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.