Gyşyň gyşdan parhy bar

6 Dekabr 2021
1103

Uly çille döwri gyş paslynyň ikinji döwri, ýagny ol gyşyň örküji hasaplanýar. Bu döwür kyrk gün, ýagny 8-nji dekabrdan 16-njy ýanwara çenli dowam edýär. Ol pars dilindäki «çil» diýen sözden gelip çykyp, «kyrk» diýen manyny berýär.

Türkmenleriň ýyldyz senenamasy boýunça uly çille çopandyr çoluk, mallary kärendesine alan adamlar üçin esasy jogapkärli möwsüm hasaplanýar. Bu döwürde howa diýseň sowuk bolýar. Sebäbi «Ýylyň ýyldan, gyşyň gyşdan parhy köp» diýlişi ýaly, hemme gyşyň gelşi we çykyşy birmeňzeş bolmaýar. Gyş maýyl we çygly gelse, daýhanyňam, çopandyr çolugyňam aşygynyň alçy gopdugy. Munuň ýaly gyşda dowarlaryň ýitgisi az bolýar, iş-aladalaram ýeňilleşýär. Gyş sowuk gelende, çopan-çoluklaryň, maljanly adamlaryň aladasy artýar.