Gyş täsinlikleri

6 Dekabr 2021
1795

Hasaba alnan iň uly gar tozgasynyň diametri 12 santimetre barabardyr.
* * *
Iň uly gar adamy 2008-nji ýylda ABŞ-nyň Betel şäherinde ýasalypdyr. Beýikligi 37 metr bolan gar adamyny taýýarlamak üçin alty tonna gar ulanylypdyr.
* * *
Ýewropaly alymlar gyş paslynda doglan çagalaryň has berdaşly bolýandygyny we olaryň sportda oňat netijeleri gazanmak mümkinçiliginiň ýokarydygyny belleýärler.
* * *
Ýer ýüzüniň ilatynyň tas ýarysy diýen ýaly howa ýagdaýlary sebäpli hakyky gary görenok.
* * *
Antraktidanyň beýik dag gerişlerinde mämişi, gyzyl, sarymtyl reňkdäki gar hem gabat gelýär.
* * *
Alymlaryň hasaplamalaryna görä, bir kub metr gar 350 milliondan gowrak gar tozgasyndan ybaratdyr.