Elguş sungaty

5 Dekabr 2021
1438

Türkmeniň elguş sungatynyň gadymydygyna syýahatçylaryň, alymlaryň, nusgawy şahyrlaryň galdyran ýazgylary, halk döredijiliginde getirilýän mysallar doly şaýatlyk edýär. Edebiýat çeşmelerinde görkezilişi ýaly, ýyrtyjy guşlar bilen aw awlamagyň milli tejribeleri, urp-adatlary bilen tejribeli çopanlaryň meşgullanandygy bellenilmäge mynasypdyr. «Çopan garrap guşçy bolar, guşçy garrap goşda sakçy bolar» diýen pähimden görnüşi ýaly, synçy, tejribeli çopanlar diňe bir özleriniň mallaryny bakýan ýerleriniň däl, umuman, tebigatyň howa ýagdaýlaryny, haýwanlardyr guşlaryň ýaşaýyş aýratynlyklaryny, iýmitlenişini, gezim edýän ýerlerini, hindir sürenini, höwürtge gurşuny, nesillerini ösdürip ýetişdirişini we başga-da birnäçe aýratynlyklaryny örän gowy bilipdirler.

Ata-babalarymyz nesilden-nesle geçip gelýän gadymy elguş sungatynda ýurdumyzyň çäginde duş gelýän laçyna, ütelgä, gök bährä, garçygaýa, bürgüde tälim berip, olary awa taýýarlapdyrlar. Bu ýyrtyjy guşlaryň gözleriniň, çüňküniň we dyrnaklarynyň uçly hem-de ýitiligi, penjeleriniň berdaşly bolmagy tebigydyr. Ol tebigylyk bolsa awuň şowly bolmagyndaky ähli zerurlyklardyr. Mysal üçin, laçynyň gözüniň adamyň gözüne garanda, onlarça esse görgür bolmagy, awy wagtynda saýgarmaga, oňa tarap okdurylmaga oňat mümkinçilikdir.

Saparmyrat ANNAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň maldarçylyk kafedrasynyň müdiri.