Tebigatda üýtgeşik bir gudrat bar

1 Noýabr 2021
1212

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, bizi gurşap alan tebigat diňe bir ýaşaýyş gurşawy bolman, eýsem, dörediş gurşawydyr. Şonuň üçinem biz mähriban tebigatymyzy gözlerimiziň göreji ýaly goramaga borçludyrys. Ekologik ulgamlary gorap saklamak boýunça döwletimiziň ekologiýa syýasatynda hem hut şeýle maksatlara eýerilýär. Tebigata aýawly çemeleşmek ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň gözel tebigatymyza bolan belent sarpasyndan we söýgüsinden gözbaş alýar. Şonuň netijesinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we olaryň üstüni ýetirmek ýaly watançylyk hereketi has ýokary derejä göterildi. Çogly güneşli, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan tebigatymyza bolan garaýyşlar has kämilleşdi.

Tebigat biziň saglygymyzyň we maddy durmuşymyzyň esasy çeşmesidir. Tebigatda üýtgeşik bir gudrat bar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işi türkmen tebigatynyň hut şu gudratyny bize takyk ýetirýär.

Azat PALTAÝEW,
welaýat awçylar we balykçylar birleşen jemgyýetiniň başlygy.