Dogrusy, bu ot hakynda öňräk ýazmakçydym, ýöne elimde ýeterlik maglumatym ýokdy. Birä oňa «sabyn oty» diýilýändigini bilýärdim, sebäbi onuň başy sabynyň köpürjigi ýaly köpürjikläp durardy. Birde, heniz oglan wagtlarymyz, oýundan soň dostlarymyz bolup, akar suwuň başynda şol otuň sabyny bilen ellerimizi, aýaklarymyzy ýuwýandygymyz hemde deňimizden geçip barýan ulularyň: «Berekella, arassaçylyk saglygyň girewidir» diýip, biziň owaldan eşidip ýören sözlerimizi aýdyp, öwgimizi ýetirýändikleri ýadymda.
Arada özüm bilen bagly bolan bir waka meniň bu ot hakynda düşünjämi artdyrdy hemde şu makalanyň ýazylmagyna sebäp boldy.