Jülgesinde injiri bar...

11 Oktýabr 2021
1383

Gatbar-gatbar dag etegindäki obada önüp-ösendigimden bolsa gerek, dag hakynda, onuň gözellikleri barada gürrüň gozgalsa, ýüregim gozgalaň tapyberýär. Bu şol gezegem şeýle boldy. Üýşmeleňde oturanlar özara söhbede gümradylar. Şonda Balkan dagynyň täsinlikleri barada gürrüň berýän ýigidiň söhbedi maňa has ýarady-da, durşum bilen gulaga öwrüläýdim. Onuň daşdan göräýmäge ýalaňaç ýaly bolup duran Balkan dagynyň içine aralaşsaň, durşuna gözellikdigi, howasynyň tenekardygy, tämizdigi, dag göwsünden syzylyp çykýan çeşmeleriniň suwunyň tomsuna sowuk, gyşyna ýyly hem bal ýalydygy, belent-belent gaýalarynda, ulgam-ulgam dag gerişlerinde mesgen tutan guşlaryň, her dürli haýwanlaryň köpdügi, ösümlik dünýäsiniň baýdygy barada aýdýanlary diýseň täsirli hem gyzyklydy. Söhbet sowluşansoň, ondan «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýlişi ýaly, eger Balkan dagyna gezelenje çyksalar, ýanlaryna meni hem goşmaklaryny haýyş etdim. Ol göwünjeň razylaşdy.

Ine-de, şol gün gelip ýetdi. Tanşym öňümizdäki dynç gününde günübirin Balkan dagyna gezelenje çykýandyklaryny, özleriniň hem injir üçin barýandyklaryny telefonda aýdyp, maňa-da ýanym bilen bir bedre, şeýle hem azyk-suwlugymy almalydygymy tabşyrdy. Dynç gününde biz daň bilen ýola düşdük. Öňümizde bolsa Görogly begiň «Jülgesinde injiri bar, nary bar...» diýip wasp edişi ýaly, goýny ir-iýmişli, çeşme-çaýly... Balkan dagy howalanyp dur. Daga girip, ep-esli ýol ýöränimizden soň, ýolbelet sürüjimiz awtoulagyny dagyň bir öwrüminde goýup, mundan beýläk pyýada gitmeli boljakdygymyzy mälim etdi. Biz azyk-suwlukly goşhaltamyzy, bedrämizi alyp, belent dag gerişlerinden pyýadalap ugradyk. Tomsuň güni, onda-da awgust aýynyň jokrama yssysy, şeýle hem barýan ýerimiz uzak bolansoň, ýolbeledimiz her ýerräkde bellik edip, mytaraly suw goýýardy hem-de olaryň yzymyza gaýdyp gelýärkäk hezil berjekdigini nygtaýardy. Howasy jana tenekar Balkan dagynyň goýny bolsa aýdylyşyndan hem ajaýyp. Bir belent gerşe çykanymyzda, ýolbeledimiz:

Toýjan MÄMMEDOW.