Güýz baglaryň gujagynda saraldy

8 Oktýabr 2021
2610

Günüň tylla tyglarynyň kütelip, oňa derek tylla reňkli ýapraklaryň öwüşgininiň barha ýitelýän, ýylylygy söýen guşlaryň toýnuk gurap alys ýurtlara göçüp başlaýan, ýagyşlaryň ýygy-ýygydan ýagyp, kölçerip duran suwlaryň bize parallel dünýäni görkezýän döwri — bu güýz paslynyň Watana gadam basýan döwrüdir. Güýz — täsin pasyl. Bu pasylda adamlar sowukdan goranmak üçin ýyly geýim geýip başlasalar, bag-bakjalar bolanja «geýimlerini» saraldyp düşürýärler. Çünki ýapraklaryny düşürip, gyş ukusyna gidip ýetişmese, baglary sowuk alýar. Güýz pasly barada ençeme gyzykly maglumatlara hem gabat gelmek bolýar.

■ Güýz pasly demirgazyk ýarym şarda sentýabr aýyndan dekabr aýyna çenli dowam etse, günorta ýarym şarda mart aýyndan başlap, iýun aýyna çenli dowam edýär.

Annatuwak BAÝRAMOWA,
Serdar etrabyndaky 7-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.