Ýaşaýşyň ýaraşygy

22 Sentýabr 2021
1442

Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän Milli tokaý maksatnamasy ýurduň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmagyň möhüm ugry bolup, ol tokaý giňişlikleriniň goragyna, agaçlary we gyrymsy agaçlary çapmagyň öňüni almaga gönükdirilendir. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda tutuş ýurt boýunça saýaly hem-de miweli bag nahallary ekilýär. Dag, kenarýaka we sähra tokaýlyklarynda türkmen arçasy, eldar senuberi, igde, gyzyl gandym, Ýewfrat deregi köpçülikleýin ekilýär.

Şolardan biziň goraghanamyzyň çäklerinde duş gelýän Ýewfrat deregi söwütler maşgalasyna degişlidir. Ol insiz piramida görnüşli uly agaç bolup, beýikligi 9,5-10 metre ýetýär. Mart-maý aýlarynda gülleýär. Ösüntgi baldagyndan gowy ösýär we 100 ýyla golaý ýaşaýar. Meýdan gorag zolaklaryny döretmekde, derýa kenarlaryny berkitmekde we ýerasty suwlaryň golaýynda fitomelioratiw çäreleri geçirmekde bu agajyň uly ähmiýeti bar.

Ýaňybaý ROZYKULYÝEW,
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.