Ösüşlerden joşa gelýär ýürekler

1 gün öň
22

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her güni ýurdumyzyň syýasy, medeni we jemgyýetçilik durmuşy bilen baglanyşykly buýsançly wakalara beslenýär. Berkarar döwletimizde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döwlet we halkara derejesinde geçirilýän çäreler, dabaralar ildeşlerimiziň medeniýete, sungata bolan sarpasyny has-da artdyrýar. Bagtyýar watandaşlarymyz şu günler ýene bir şanly senäni — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny zähmet üstünlikleri, beýik ýeňişleri bilen garşylaýarlar. Ýurdumyzyň naýbaşy baýramynyň uly ruhubelentlige beslenmegi ugrunda Kerki etrabynyň medeniýet bölüminiň işgärleri tarapyndan alnyp barylýan işler hem aýratyn guwandyryjydyr.

Etrapda medeniýete, sungata örküni baglan döredijilik işgärleriniň ençemesi asylly zähmet çekip, ajaýyp zamanamyzda milli medeniýetimiziň galkynmagyna, toý döwreleriniň şatlyk-şowhunynyň artmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň uly tutum bilen bellenilýän ýylynda halkymyzy ruhy taýdan galkyndyrmakda etrabyň medeniýet bölüminiň halk teatrynyň işgärleriniň hem aýratyn paýy bar. Olar şanly ýylymyzyň şygaryndan ruhlanyp, akyldar şahyrymyzyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly sahna eserleriniň birnäçesini tomaşaçylar köpçüligine ýetirdiler. Sahna ussatlary özleriniň çykyşlary bilen ýurdumyzda geçirilýän medeni çärelere, döredijilik bäsleşiklerine hem işjeň gatnaşýarlar. Döredijilik topary üstümizdäki ýylda welaýatymyzyň folklor toparlarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde «Bäsleşik toýy» atly oýny bilen baş baýraga mynasyp boldy. Bu sahna oýnunda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň gymmaty, nesil terbiýesindäki ähmiýeti öz beýanyny tapýar. Teatryň döredijilik topary Magtymguly Pyragynyň ýubileý toýy we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň «Magtymguly Pyragy» atly romany esasynda sahnalaşdyran spektakly bilen ýurdumyzyň halk teatrlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň welaýat tapgyrynda ikinji orna mynasyp boldy.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.