Okamak, öwrenmek — ynsanyň bezegi

28 Awgust 2024
98

Ýurdumyzda üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim ulgamy uly ösüşlere beslendi. Bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalarynyň esasy maksady mekdebe çenli, başlangyç bilim, esasy orta, doly orta, ýokary bilim mekdepleriň işini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Kompýuter synplary, lingafon otaglary, aýdym-saz we sport zallary mekdebe çenli kiçi ýaşly çagalaryň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmeklige, okuw, terbiýeçilik, usulyýet işleriniň halkara ýörelgelere laýyk guralmagyna ýardam berýär.

Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň hakyky merkezi bolan ýokary bilimiň ösdürilmegi babatda möhüm işler hem üstünlikli alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdeplerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, olaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ýokary okuw mekdeplerini doly hojalyk hasaplaşyk usulyna tapgyrlaýyn geçirmek maksady bilen, tölegli esasda okamaga isleg bildirýänler üçin orunlar bölünip berilýär. 2024 — 2025-nji okuw ýylyndan başlap, ýedi sany ýokary okuw mekdebi ýene-de 13 sany täze ugur boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlar.

Swetlana HOJANAZAROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.