Guýulara gaýtadan ömür berijiler

26 Awgust 2024
84

Eziz Diýarymyzyň çäklerindäki ýeriň jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri bitirýärler. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu trestiň düzümindäki «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen ýedi aýynda goşmaça alnan «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» möçberi, degişlilikde, 106 müň 809 tonna hem-de 53 million 245 müň kub metre barabar boldy. Tutuş trest boýunça gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan nebitiň 32,4 müň tonnadan gowragy «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň paýyna düşýär. Netijede, bu müdirlik boýunça geçen ýedi aýda tabşyryga goşmaça alnan nebitiň möçberi 5 müň tonnadan hem geçdi. Has kuwwatly desgalara eýe bolan kärhanada abatlaýyş işleriniň depginini düýpli ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikler bar. Bu mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy başarýan barsagelmezli abatlaýjylar şu günler iş depginlerini günsaýyn ýokarlandyrýarlar.

Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli hemaýat-goldawlary netijesinde konserniň esasy we ýardam beriş düzümlerine degişli kärhanalaryň ählisi dünýäniň öňdebaryjy öndürijileri bolan Germaniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň nebitgaz senagatyna ýöriteleşdirilen täze, has kuwwatly tehnikalarydyr desgalary, kämil tilsimatlarydyr enjamlary bilen üpjün edilendir. Guýy gazyjylar ýedi müň metre çenli dag jynslaryny burawlamaga ukyply bolan desgalary edinseler, guýulary düýpli abatlaýjylar ýük göterijiligi 80 tonnadan 120 tonna çenli tehnikalara eýe boldular. Daşary ýurtlaryň kämil desgalaryna başarjaň erk edýän «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleri ýylyň geçen ýedi aýynda önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýularyň 103-isine derek 136-syny düýpli abatlap, uglewodorod çig malyny çykaryjylara tabşyrdylar. Bu müdirlikde gazanylýan üstünliklerde kärhananyň Gumdag guýulary düýpli abatlaýyş sehiniň hem mynasyp paýy bar. Seh boýunça şu ýylyň geçen hasabat döwründe guýularyň 26-sy abatlanyşdan soň ulanyşa tabşyrylyp, bellenilen meýilnama 108 göterimden geçirilip amal edilipdir. Şu döwürde goşmaça alnan nebit çig malynyň möçberi 5 müň 48 tonna golaýlap, tabşyryga 120 göterim hötde gelnipdir.

Atageldi SEÝIDOW,
«Nebit-gaz».