Çaga terbiýesinde aýdym-saza söýgi

12 Awgust 2024
87

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen uly işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzda ýurdumyzyň geljegi bolan körpe nesliň giň dünýägaraýyşly, başarjaň, sowatly ýaşlar bolup ýetişmegi üçin yzygiderli alada edilýär. Bu babatda körpe nesliň geljegi baradaky alada ilki bilen mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlaýar.

Ýurdumyzyň mekdebe çenli we orta bilim edaralarynda körpelere berilýän bilimiň we terbiýäniň hilini kämilleşdirmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar. Şeýle wezipeleri döwrüň talabyna laýyk derejede alyp barmakda ýurdumyzda giň möçberli işler alnyp barylýar. Esasan hem, körpelerde ýaşlykdan sapaklaryň üsti bilen aýdym-saz sungatyna söýgüni döretmek ugrunda tagallalar edilýär. Aýdym-saz sungaty çagalarda içki duýgularyny, eşidişini, ýadyny, ýekelikde hem-de köpçülikde hereket edip bilmek ukyplylygyny, ritmiki duýgulary ösdürmekde esasy serişdedir. Çagalaryň kalbynda sungata söýgüni kemala getirmek, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kämil bilim bermek, bu ugurda öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetmek her bir aýdym-saz mugallymynyň, terbiýeçiniň öz öňünde goýan esasy wezipesidir.

Gülaram DURDYÝEWA.