Tebigatymyzy goralyň!

31 Iýul 2024
175

Ýurdumyzda yssy howaly günleriň dowam edýän döwründe Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tebigatyň gözel ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini pugta berjaý etmelidigini ýatladýar.

Tokaýlarda, seýilgählerde, daglarda, öri-sähra meýdanlarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda jogapkär ýolbaşçylar tarapyndan ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çäreleri barada gönükdiriş — düşündiriş işleri geçirilip, berkidilen çäklerde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini beýan ediji diwarlyklar, ilkinji ýangyn söndüriş enjamlarydyr abzallary bilen üpjün edilen ýangyn germewleri oturdylmaly. Baglary guran haşal otlardan arassalap, hatar hem zolak aralarynda sürüm işlerini geçirip, ýangyn howpsuzlyk zolagyny döretmeli. Uly agaçlaryň şahalarynyň howa arkaly geçirilen elektrik tok geçirijileri bilen galtaşýan ýerlerinde ýangyn howpunyň döremezligi üçin şahalaryny kesip aýyrmaly. Çäklerde işledilýän tehnikalaryň tüsse çykarýan abzallary uçgun söndüriş enjamlary bilen berk ýapylyp, tehniki ýagdaýynyň elmydama gurat bolmagyny gözegçilikde saklamaly. Işledilýän tehnikalar ilkinji ýangyn söndüriş enjamlary bolan keçe, pil, palta, çäge, suw, ýangyn söndüriş enjamlary bilen üpjün edilip, başga maksatlar üçin ulanmazdan, abat ýagdaýda saklanmaly.

Mekan ATAÝEW,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 109-njy harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň uly inženeri, içerki gullugyň kapitany.