Ady dünýä dolan akyldar

25 Iýul 2024
277

Magtymguly Pyragy — türkmeniň akyldar şahyry, dünýä meşhur söz ussady. Özüniň gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýän beýik şahyrymyzyň mertebesi, onuň türkmen taryhyndaky, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir. Şoňa görä-de, Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşaýan bagtyýar türkmen halky beýik söz ussadynyň sarpasyny belent tutýar.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary asynda geçmegi, şahyryň hormatyna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilmegi, Aşgabadyň ajaýyp künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň gurlup, dabaraly ýagdaýda açylmagy, Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylmagy, şahyryň eserlerini özünde jemleýän “Magtymguly” atly kitabyň neşir edilmegi şanly ýylymyzyň ajaýyp wakalarydyr.

Gülälek ORANÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.