Miwajy (Rowaýat)

4 Iýul 2024
280

Türkmen halky özüni ekläp-saklaýan ene topragyň her bir pelini-goluny, guýusyny-ýabyny söýgüläp-sarpalap atlandyransoň, oňa rowaýat bagyşlap, perzentlerine miras goýupdyr.

...Ir döwürler bir çarwa baýyň bäş ogly bilen bir gyzy bar eken. Garry enesiniň elinde erkelenýän Miwe gyzyň hakyky ady tutulman «Enem gyzy, Enegyzym» diýlip söýgülenipdir. Ogullaryny öýeren baý, olaryň örňäp barşyna guwansa-da, ýeke gyzynyň ýanýoldaşynyň ýogalyp, onuň ýalňyzlygyna gussa çeker eken. Gyzynyň çolaşyk ykbalyna ýüregi bilen gyýlan baý: «Gyzymdan-da at galsyn» diýip, çöl ýerden bir sonarlykda gyzyna niýetläp guýy gazdyrýar. Emma guýudan şor suw çykýar. Muňa gaty gynanan Miwe: «Bu guýynyňam suwy meň maňlaýym ýaly şor eken. Ir gülmedik, giç gülmez. Giç gülmedik, hiç gülmez» diýip, gözýaş döküp aglapdyr. Ony gören guýy ussasy bilen kömekçisi Myrat atly ýigit baýdan rugsat alyp, bäş-alty çakyrym aňyrdan ikinji guýyny gazýarlar. «Yhlasa — myrat». Gijesini gündiz edip işlän ussalar süýji suwuň gözüni açýarlar. Ýazlagçylaryň ýanyna düýe çal, azyk-suwluk bahanasy bilen gatnaýan ýigidi, gelniň görkündenem beter, agraslygy, akyllylygy maýyl edipdir.

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW,
mirasgär.