Arkadagly şäherde medeniýetiň mukamy

3 Iýul 2024
330

Her ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda merjen Arkadag şäherinde geçirilmeginde uly many bar. Çünki Köpetdagyň eteginde tebigatyň gözel ýerinde gurlan Arkadag şäheriniň ruhy dünýäsi ata-baba milli medeni ulgamy bilen sazlaşýar. Arkadag şäherinden asyrlaryň jümmüşine diň salsaň, türkmen medeniýetiniň taryhynda uly yz galdyran hem-de atlary rowaýata öwrülen Şükür bagşynyň parahatçylyk senasyna öwrülen sazlarynyň ýaňy gulagyňa eşidilip başlaýar.

Medeniýet hepdeliginden soňky oýlanmalar

Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.