Dana Pyragynyň sarpasy

2 Iýul 2024
278

Gündogaryň beýik akyldar şahyry, dana atamyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň hasyl bolan zamanasynda berkarar Watanymyz gülläp ösýär, ýurdumyzyň sebitlerinde täze obadyr şäherçeler gurulýar, ähli ugurlarda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Şonuň bilen bir hatarda, şirin dilli söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy has belende göterilýär. Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçmeginiň özi hem akyldar şahyrymyzyň ömür-döredijiligini, ruhy dünýäsini, edebi mirasyny öwrenmekde we dünýä ýaýmakda, şöhratyny has-da beýgeltmekde uly ähmiýete eýedir.

Magtymguly Pyragy ýiti zehinliligi, akyl-paýhaslylygy bilen ady dünýä dolan, ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyran ussat şahyrymyzdyr. Onuň ajaýyp şygyrlary, milli taryhymyzyň mukaddesligini, gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy wasp edýän dürdäne setirleri, öwüt-nesihatlary, öňdengörüji oý-pikirleri häzirki ýaş nesillerimize pähim-paýhasyny çuňlaşdyrmaga nusgalyk mekdep bolup durýar. Beýik akyldar özüniň umman dek giň mana öwrülen goşgularynda Watanyň mukaddesligini, türkmen ýigitleriniň mertligini, zenanlarymyzyň gözelligini, halkymyzyň myhmansöýerligini, agzybirligini, jebisligini, tebigatymyzyň ajaýyplygyny ussatlyk bilen suratlandyrýar.