Halkymyzyň akyldary

2 Iýul 2024
275

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gadymy türkmen topragynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy uludan bellenip geçilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Dana Pyragynyň döwlet berkararlygy, il agzybirligi baradaky nurana arzuwlary täze taryhy döwürde, hormatly Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi, pähim-paýhasy netijesinde hasyl boldy. Bu gün biz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp zamanasynda ýaşaýarys, ýurdumyzyň dünýädäki belent at-abraýyna, şan-şöhratyna guwanýarys».

Beýik akyldaryň arzuw eden berkarar döwletinde ýaşaýan halkymyzyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine, edebi-mirasyna goýýan hormat-sarpasynyň çäksizdigine şanly ýylymyzyň ajaýyp wakalary hem şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Merkezi Aziýanyň merjeni diýlip ykrar edilen Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde dana atamyz Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylandygy, «Magtymguly» atly kitabyň çap edilendigi buýsanç bilen agzalmaga mynasypdyr.