Medeniýet – köňül buýsanjymyz

19 Iýun 2024
287

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, milli medeniýetimiz hem barha uly ösüşlere eýe bolýar. Şanly ýylymyz turuwbaşdan milli medeniýetimize bagyşlanan çärelere, akyldar şahyrymyzyň watançylygy, asylly ýörelgeleri, ynsanperwerligi wasp edýän döredijiligini wagyz edýän maslahatlara beslendi. Bu bolsa diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem beýik akyldara bolan hormat-sarpasyny beýgeltdi. Bularyň hemmesi milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmasy bolup, her bir türkmenistanlyny ösüşleri wasp etmäge ruhlandyrýar. Şu şöhratly ýylda paýtagtymyzda akyldar şahyryň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy hem aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu ajaýyp medeni-seýilgäh toplumynda dünýä halklarynyň ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň we sungat ussatlarynyň heýkelleriniň ýerleşdirilendigini hem bellemek gerek. Bularyň hemmesi häzirki ajaýyp döwrümizde halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär.

Medeniýet hakynda söz açanymyzda, ýene bir şanly wakany bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, dürli medeni çäreleriňdir ylmy maslahatlaryň ýokary derejede üstünliklere beslenýän dünýä nusgalyk Arkadag şäherimizde Medeniýet hepdeliginiň geçirilýändigi biziň her birimizi buýsandyrýar. Çünki ýylyň-ýylyna barha dabaralandyrylýan Medeniýet hepdeliginiň dowamynda dünýä halklary türkmen medeniýetiniň gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyş bolýarlar. Türkmen medeniýeti, gadymy hem müdimi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda hoşalap çöplän paýhas hazynasynyň dürdäneleridir. Ol — şan-şöhratdan doly geçmişimize bolan buýsanjyň, şu günümize bolan söýginiň we ak ertirlerimize bolan ynamyň beýany. Türkmen medeniýetiniň heňňamlar içre halklary dostlaşdyrýan köpri bolandygyna taryh gözli şaýat. Munuň şeýledigini dutary gylyçdan has güýçli saýan Şükür bagşynyň ömür ýoly aýdyňlygy bilen delillendirýär. Bu gün türkmen dutarynyň owazy parahatçylyk hem dost-doganlyk sazy bolup, dünýä ýaň salýar.

Hemrageldi BABAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Arkadag şäher müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.