OPEC+ nebitiň gazylyp alnyşyny çäklendirmek baradaky ylalaşygy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

9 Iýun 2024
323

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy we onuň hyzmatdaşlary (OPEC+) nebitiň gazylyp alnyşynyň günlük möçberini 2 million barrele çenli azaltmak baradaky ylalaşygyň möhletini 2025-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltdylar. Degişli çözgüt Er-Riýad şäherinde geçirilen ministrler derejesindäki mejlisde kabul edildi.

OPEC-iň maglumatlaryna görä, ylalaşyk esasynda nebitiň umumy gazylyp alnyşy her gün 39,7 million barrele deň bolmagynda galar.

Döwranbek RAHIMOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň raýatlyk wiza we daşary ýurt raýatlarynyň hasaba alyş bölüminiň kiçi gözegçisi, leýtenant.