Tehnologiýa pudagynyň ösen merkezi

9 Iýun 2024
292

Sanlylaşan dünýäde ýurtlaryň ýokary tizlikli internete eýe bolmagy wajyp meselä öwrüldi. Çünki internet ykdysadyýetiň islendik pudagynda ýüze çykan alysdaky meseleleri bir düwmäniň kömegi bilen çözmegiň hötdesinden gelýär. Şu nukdaýnazardan hem, ýurtlar internet tizligini ýokarlandyrmak, raýatlaryny internet bilen ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen, ähmiýetli işleri durmuşa geçirýärler. Soňky ýyllarda internet tizligi boýunça Koreýa Respublikasy dünýäniň iň öňdebaryjysy bolmagy başardy. Häzirki wagtda ýurduň ilatynyň 90 göterimden gowragy internetden peýdalanýar. Bu bolsa, elbetde, ýurduň ykdysadyýetiniň, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy bazarynyň gülläp ösmegine uly itergi berýär. Gazetimiziň şu sanynda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösen merkezi hökmünde bilinýän Koreýa Respublikasynyň ykdysady kuwwaty hem-de mümkinçilikleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etmegi makul hasapladyk.

Koreýa Respublikasynyň soňky 60 ýylda başdan geçiren ykdysady özgerişligi ýurduň global üýtgeşmelere çalt uýgunlaşmak ukyby bilen häsiýetlendirilýär. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda diňe oba hojalygyna esaslanýan ykdysadyýet innowasiýa goýlan oýlanyşykly maýa goýumlaryň hem-de amatly iş gurşawynyň döredilmegi netijesinde senagatlaşma gudratyny başdan geçirdi. Häzirki wagtda ýurt ýokary derejede ösen garyşyk ykdysadyýete eýe bolup, onuň jemi içerki önümi 1,72 trillion amerikan dollaryna deňdir. Halkara Pul Gaznasynyň soňky maglumatlaryna görä, ýurt jemi içerki önümi boýunça Aziýada 4-nji, dünýäde 14-nji ýerde durýar. Soňky ýyllarda Koreýa Respublikasy ykdysady güýjüni awtoulag, elektronika önümçiligi, maglumat tehnologiýasy ýaly ýokary derejede ösen pudaklara gönükdirýär. Hökümetiň ykdysady strategiýasy 1960 — 2019-njy ýyllar aralygynda ýurduň jemi içerki önüminiň ýyllyk ortaça 7,3 göterim ýokarlanmagyna ýardam berdi. Muňa garamazdan, 2020-nji ýylda dünýä ykdysadyýetini lerzana getiren pandemiýa sebäpli, ýurduň jemi içerki önüminiň ösüşi -1 göterime deň boldy. Bu 1998-nji ýyldan bäri hasaba alnan iň pes görkezijidir. Şeýle-de bolsa, Koreýa Respublikasynyň ykdysadyýeti «özüne gelmegi» başardy we 2021-nji ýylda ýurduň jemi içerki önüminiň 4 göterimlik ösüşi hasaba alyndy. Ýöne 2022-2023-nji ýyllarda ýurduň ykdysady ösüşi ýene pese gaçyp, degişlilikde, 2,6 we 1,4 göterime deň boldy. Halkara Pul Gaznasynyň hasabatyna laýyklykda, üstümizdäki ýylyň jemleri boýunça Koreýanyň ykdysadyýetiniň 2,2 göterim ösmegine, ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önüminiň 2027-nji ýylda 42 müň amerikan dollaryna deň bolmagyna garaşylýar. Ýeri gelende bellesek, hyzmatlar pudagy ýurduň ykdysadyýetiniň JIÖ-niň 63,6 göterimini, önümçilik pudagy bolsa JIÖ-niň 34,7 göterimini emele getirýär.

Jahantäç ÖWEZOWA,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».