Täze desgalar — ösüşiň möhüm ugry

9 Iýun 2024
636

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni täzeliklere, hoş habarlara beslenýär. Şeýle hoş habarlaryň biri hem ýakynda ýaýbaňlandyrylan Daşoguz welaýatyndaky dabaralardyr. Has takygy, Daşoguz welaýatynda ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berlen täze desga ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ösüşlere beslenýändigini aýdyň beýan etdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli beýik işleriniň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem bu ägirt uly desga ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarydygyny, ösüşlere beslenýändigini alamatlandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe elektroenergetika pudagynyň maddy-tehniki binýady düýpgöter döwrebaplaşýar, täze mümkinçiliklere eýe bolýar. Munuň özi pudagyň işiniň has-da rowaçlanýandygynyň, üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bu energetika pudagyny ösdürmekde we bir halka düzmekde möhüm ädimdir. Şeýle hem munuň özi diňe bir içerki sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini hem yzygiderli artdyrmaga, ugurlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýän ygtybarly energetika ulgamyny döretmäge gönükdirilen işler bolup durýar.

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.