Döwrebap hyzmatlar ýola goýulýar

5 Iýun 2024
415

Häzirki döwürde raýatlara dürli maksatly, ýeňillikli döwlet karzlaryny bermek, olary banklaryň hyzmatlaryndan peýdalanmaklyga köpçülikleýin çekmek, banklar bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýän müşderileriň sanyny artdyrmak işleri döwrebap görnüşde guralýar. Raýatlarymyz üçin örän oňaýly bolan dürli görnüşdäki bank karzlarynyň berilmegi döwletimiz tarapyndan ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir.

Banklarymyz tarapyndan raýatlara berilýän karzlaryň görnüşleri we hili dogrusynda belläp geçsek, bu ugurda ozal hem hereket edip gelýän, täze durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny, hojalyk harytlaryny satyn almak üçin üç ýyl möhletli, derejesi 1 göterim bolan, nagt we nagt däl görnüşinde berilýän karzyň möçberi ýokarlandyrylyp, 20 müň manada ýetirildi. Ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara okuw töleglerini tölemek üçin nagt däl görnüşinde «Talyp karzy» berilýär. Onuň möçberi 42 müň manada çenli bolup, üç ýylyň dowamynda, iki aý ýeňillik döwri öz içine almak bilen, ýyllyk 5 göterim bellenendir. Karzyň bu görnüşi şertnama baglaşýan talyplaryň haýsydyr bir emlägi girew goýmagy bilen ýa-da üçünji tarapyň zamunlygynda amala aşyrylýar.

Äşe HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» DTB-niň Görogly etrap şahamçasynyň hünärmeni.