Sungata maýyl suratkeş gyz

5 Iýun 2024
358

Ýurdumyzyň ösüşlerini, gözel tebigatymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işlerini öz eserlerinde wasp edýän ýaş suratkeşleriň biri-de Hatyja Gurbanowadyr. Ol çagalar çeperçilik mekdebimizde zehinli okuwçylaryň hatarynda tanalýar. Ýaş suratkeş mekdebimiziň mugallymlary Göwher Hojanazarowadan, Zelili Amanjaýewden sungatyň inçe syrla-

ryny öwrenýär. Suratkeş gyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli ýagly reňkler bilen kendire çeken «Watan jemalyndan joşa düşüp sen» atly suraty örän şowly çykypdyr. Onuň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden eserinde şahyryň keşbi, türkmen tebigatynyň gözellikleri açylyp görkezilýär. H.Gurbanowanyň bu eseri häzir Balkanabat şäherindäki öz okaýan 22-nji orta mekdebiniň giň zalyny bezeýär.

Maksatmyrat Gurtmämmedow,
Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy.