Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

5 Iýun 2024
340

KÄMIL UGRUŇ AMATLYKLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy häzirki döwrüň häsiýetli aýratynlygydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly, watançylyk ruhunda terbiýelemek biz, mugallymlaryň mukaddes borjudyr. Bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda bilim özgertmeleriniň üstünlikli bolmagynyň girewidir. Okadylýan sapaklaryň göwnejaý guralmagynda multimediýa tagtasynyň täsiri örän uludyr. Hormatly Prezidentimiz milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigini belleýär.