Ýaşlaryň dilinde Arkadag şähri

24 Maý 2024
616

23-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň döredijilik bilen meşgullanýan talyplarynyň arasynda Arkadag şäheriniň 1 ýyllygy mynasybetli «akylly» şäheri wasp etmek boýunça yglan edilen «Arkadagyň paýhasyndan nur alýan şäher» atly şygryýet bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. 

Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, talyplar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy dünýä tanatmakda, gülledip ösdürmekde alyp barýan işlerini, ata Watanymyzyň gözelligini wasp edýän şygyrlaryny okap berdiler. Ikinji şertinde, Arkadag şäheriniň keşbini, gözelliklerini taryp edýän goşgulary bilen çykyş etdiler.

Ýörite habarçymyz.