Mag­tym­gu­ly­nyň şy­gyr­la­ry — dost­luk köp­rü­si

2 Maý 2024
530

Türk­men nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy mynasybetli ýakynda türk­men alym­la­ryn­dan, mu­gal­lym­la­ryn­dan yba­rat to­par Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­syn­da iş sa­pa­ryn­da bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­syn­da­ky Kon­sul­ly­gy Ak­tau şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Ş.Ýe­se­now adyn­da­ky Hazar döw­let tehnologiýalar we in­že­ner­çi­lik uni­wer­si­te­tin­de «Mag­tym­gu­ly­nyň ru­hy mi­ra­sy — dost­lu­gyň we pa­ra­hat­çy­ly­gyň sim­wo­ly» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­t ge­çir­di. Hal­ka­ra mas­la­hat­da uni­wer­si­te­tiň rek­to­ry pro­fes­sor B.Ah­me­dow, Türk­me­nis­ta­nyň Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­syn­da­ky kon­su­ly M.Ab­dyl­la­ýew, Man­gis­tau we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi­niň we­ki­li we bu uni­wer­si­te­ti­ň mu­gal­lym­la­ry meş­hur ga­zak şa­hy­ry Jam­byl Ja­ba­ýe­wiň Mag­tym­gu­ly­nyň goş­gu­la­ry­ny ürç edip okan­dy­gy we şa­hyr­lar Ga­ly Or­ma­no­wyň, Ga­fu Ka­ýyr­be­ko­wyň, Duý­sen­bek Kana­tba­ýe­wiň be­ýik akyl­da­ryň goş­gu­la­ry­ny ga­zak di­li­ne ter­ji­me eden­di­gi, türk­men şa­hy­ry­nyň goş­gu­la­ry­nyň ga­zak hal­ky­nyň ara­syn­da söý­lüp okal­ýan­dy­gy we türk­men-ga­zak dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry ba­ra­da tä­sir­li çy­kyş et­di­ler.

Mas­la­ha­tyň çä­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň gymmatlyklarynyň ser­gi­si gu­ra­lyp, on­da­ky eks­po­nat­lar ser­gä ge­len­ler­de uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.

Gun­ça AN­NA­NY­ÝA­ZO­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döwlet uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.