Nesil terbiýesinde kitaplaryň orny

23 Aprel 2024
343

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimli ýaşlary terbiýelemäge uly ähmiýet berilýär. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda ýöredýän milli gymmatlyklary, asylly ýörelgesi bar. Türkmen halky asylly ýörelgeleriň esasynda hem milli terbiýäni kemala getiripdir. Nesil terbiýesi, olaryň kämil şahsyýet-ler bolup ýetişmegi hemişe hem esasy maksat bolupdyr. Şunda pederlerimiziň paý-hasly sözlerine, nakyllara, çeper edebiýata hem uly üns berilýär. Nakyllar we paý-hasly sözler terbiýe mekdebidir, kämilligiň gözbaşydyr.

Nesil terbiýesinde ylym-bilimiň, kitabyň uly orun tutýandygyny hem bellemek gerek. Esasan hem, ata-babalarymyz ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmaklary üçin alada edipdirler, bilim we terbiýe bermegiň nusgalyk ýoluny kemala getiripdirler. Şunda görelde mekdebi, edep-terbiýe, şeýle hem kitap okamagy endik etdirmek esasy ugurlaryň biri bolupdyr. Aslynda hem, gadymdan gelýän halkymyzyň şöhratly taryhynda meşhur kitaplar, ajaýyp eserler diýseň köp bolupdyr. Şunda akyldarlarymyzyň, şahyrlarymyzyň, geçmişde uly yz goýan alymlarymyzyň hyzmatyny aýratyn bellemek gerek. Bu alymlaryň we akyldarlaryň irginsiz zähmeti, zehin başarnygy netijesinde taryhy kitaplar köp ýazylypdyr, dünýä ýaýradylypdyr. Bu hem öz döwründe ylym-bilimiň ösmegine, nesilleri terbiýelemäge oňat täsirini ýetiripdir.

Aýnura MURATOWA,
Türkmenabat şäheriniň 18-nji orta mekdebiniň mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.