Bagtyýarlyk owazlary

23 Aprel 2024
572

20-nji aprelde Gökdepe etrap Medeniýet köşgünde Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň hasabat konserti geçirildi. Konsertde mekdebiň skripkaçylar ansamblynyň sazandarlyk etmeginde gyzlar hor topary kompozitor N.Halmämmedowyň şahyr G.Ezizowyň «Uçuň, durnalar!» atly goşgusyna döreden aýdymyny, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň talyplary «Pyragy» atly aýdyşyk aýdymyny, aýdym aýtmak sungaty bölüminiň talyplary türkmen halk aýdymy «Göwnüm seni», hor topary bolsa kompozitor R.Rejebowyň şahyr A.Gurbanowyň  «Bahar geldi» atly goşgusyna döreden aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Dutarçylar topary «Pyragy» diýen sazy, bagşylar ansambly «Garagöz gelin» diýen halk aýdymy, halk saz gurallary ansambly «Oba tansy», «Kamarinskaýa» atly rus halk sazlary, dana Pyragynyň goşgusyna döredilen «Uýat eýleýir» atly aýdym, skripkaçylar topary «Şahrizada», «Ştorm» ýaly sazlar bilen konserti bezediler.

Pürli KURDOW,
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.