Körpeleriň kämilligi – baş maksadymyz

18 Aprel 2024
296

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamynda geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň biri hem daşary ýurt dillerini öwrenmekdir. Biziň ýurdumyzda bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda iňlis dili düýpli öwrenilýär. Ýurdumyzyň çagalar baglarynda körpeler iňlis dilini 4-5 ýaşlarynda öwrenip başlaýarlar. Iňlis dilini degişli maksatnama laýyklykda özleşdirseler, onda çagalaryň sözleýiş endikleri ösýär, söz baýlygy artýar. Şonuň üçin körpelere iňlis dili boýunça okuw maksatnamasynyň talabyna laýyk bilim bermek mugallymlaryň esasy wezipesi bolup durýar.

Çagalar baglarynda okatmagyň öz usuly aýratynlyklary bar. Ol aýratynlyklar sapagy usuly taýdan dogry guramak, çagalaryň ünsüni özüňe çekmek, sapaklary oýun esasynda alyp barmak, çagalaryň özbaşdak işläp bilmeklerini gazanmak, okuw görkezme esbaplaryndan, okuw serişdelerinden netijeli peýdalanmak ýaly meselelerden ybaratdyr. Şonuň üçin mugallym sapakda çagalaryň ünsüni çekjek dürli görnüşli oýunlary, didaktiki serişdeleri, ýumuşlary ulanmalydyr. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dillerini öwretmekde oýunlaryň peýdasy uludyr. Dil öwretmekde oýunlaryň uly ähmiýetiniň bardygy pedagogikada subut edilendir.

Mehri EREŞOWA,
Çärjew etrabynyň 10-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi we iňlis dili mugallymy.