Ýurdumyzyň gymmatly tebigy baýlyklarynyň biri tokaý-seýilgäh zolaklarydyr. Orta boýly bir bag bir gije-gündiziň dowamynda üç adamyň dem almagy üçin gerekli kislorody gaýtadan işläp bölüp çykarýar. Tokaý-seýilgäh zolaklarynyň bir gektary bolsa, şol bir wagtyň özünde bäş müň adamyň dem alyp bölüp çykarýan ýigrimi dört kilogram kömürturşy gazyny özüne çekýär. Bir ýylyň dowamynda tokaý-seýilgäh zolaklarynyň bir gektary elliden ýetmiş tonna çenli tozany öz üstünden geçirip, howanyň ekologiýa taýdan has-da arassa bolmagyny üpjün edýär.
Diýarymyzyň tokaý-seýilgäh zolaklarynda ýangynlaryň döremeginiň öňüni almak maksady bilen, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan kabul edilen karar esasynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tarapyndan ýörite meýilnama düzüldi, Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärlerinden düzülen toparlar tarapyndan gözegçilik işleri alnyp barylýar.