«7/24. tm», №20 (155), 15.05.2023.
Beýik Perwerdigäriň nazary düşen bu jenneti mekanyň goýnundaky her bir barlyk kerem-keramata ýugrulan. Bütin durky genji-hazynalara beslenen gözel tebigatymyzyň giň gujagynda näçe diýseň gözellik, gudrat bar. Bu topragyň üstüne ýyly çoguny bolluk bilen çaýyp duran nurly Günem, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän uç-gyraksyz parahat gök asmanam, tirkeş-tirkeş bolup göçüp-gonup ýören ak bulutlaram, gündogardan günbatara uzap ýatan belent-belent daglardyr mele derýalaram, yzy üzülmeýän ulgam-ulgam mele çägeli bereketli ymgyr sähra hem aňyrsyna göz ýetmeýän ümmülmez dünýä mysaly. Şeýle täsinlikleri özünde jemleýän jadyly tebigatyň bu barlyklarynyň her birinde, gör, niçe syr, niçe hikmet bar. Olaryň biri-de başy heserli, bili kemerli goja daglardyr.